Ýaşaýyş üçin zerur bolan azyk önümleriniň biri hem çörekdir. Dünýäde üwelen däne önümlerinden taýýarlanylýan bu iýmitiň 100-den gowrak görnüşi bar. Adatça, çörek we çörek önümleri tegelek bolýar. Ýöne çöregiň daşky görnüşi, taýýarlanylyşy we tagamlylygy taýdan beýlekilere meňzemeýän görnüşleri hem bar. Şolaryň biri hem baget çöregidir.
Baget fransuzlaryň meşhur çöregi bolup, daşky şekili taýdan ünsi özüne çekýär. Fransiýada inçejik edilip ýugrulýan uzyn çörekler XVIII asyrda has meşhur bolýar. 1920-nji ýyllarda fransuz çöreginiň goşundylary we taýýarlanyş usullary kämilleşdirilip, häzirki zaman baget çöregi emele gelýär. Agzyňda eräp gidýän bu çörek fransuzça «taýak, taýajyk» diýen manyny aňladýar. Fransiýada 35 müňden gowrak çörekhana bolup, çörek satylýan dükanlara «boulangerie» diýilýär. Çörek dükanlarynda adaty çörek önümleri bilen birlikde, kagyz torbalarda baget hem satylýar.
Fransiýada 1993-nji ýylda baget çöreginiň taýýarlanylyşy we satuwy barada kanun kabul edilýär. Kanuna görä, bagetiň uzynlygy 40 santimetre, agramy 80 grama deň bolmaly. Baget çöregine 4 maddadan: bugdaý unundan, hamyrmaýadan, duz we suwdan başga artykmaç zat goşmak, taýýarlanylyş usulyny üýtgetmek gadagan edilýär. Täze bişirilen baget çöreginiň 24 sagat ýaramlylyk möhleti bar.
Fransiýada her ýylda ortaça 10 milliard we her sekuntda 320 sany mukdarda baget sarp edilýär. 2022-nji ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen çöregiň bu görnüşi agzyňda eräp gidýändigi we hoşboý tebigy tagamy bilen tanalýar. Fransiýada çörek bişirmek ýönekeý iş däl-de, ussatlyk talap edýän hünärleriň biri hasaplanýar.
Baget nähili taýýarlanylýar?
Fransuzlaryň taýajyk ýaly çöregini öýde hem aňsatlyk bilen taýýarlap bolýar. Ilki bilen hamyrmaýany aram ýylylykdaky suwda şeker goşup eretmeli. Bagetiň asyl nusgasyna şeker goşulmaýar. Emma öý şertinde taýýarlananda bu çöregiň ýumşak bolmagy üçin biraz şeker goşmak maslahat berilýär. Una taýýar bolan hamyrmaýany, suw we duz goşup, mazaly ýugurmaly. Hamyryň üstüni ýapyp, 1 sagat çemesi ýyly ýerde goýmaly. Hamyry zuwalalara bölüp, üstüni ýukarak saçak bilen ýapmaly we çişýänçä 25-45 minut garaşmaly. Taýýar bolan hamyry böleklere bölüp, uzynlygyna baget çöreklerini ýasamaly. Fransuz çöregini 230 dereje gyzgynlykdaky howurpeçde 15-20 minut töweregi bişirmeli.
Çöregiň hakyky fransuz bagetine meňzemegi üçin howurpejiň iň aşaky mejimesiniň (podnos) içinde suw goýmaly. Suw bugaryp, çöregiň tagamyna we ýumşak bişmegine täsir edýär. Bagetiň doly bişendigini bilmek üçin ýokarsyndan kesip görmeli. Taýýar bolan fransuz çöreginiň içinde öýjük-öýjük boşluklar emele gelýär. Baget çöregini 2-nji hilli undan bişirseň, has-da tagamly bolýar.