Dünýäde milliardlarça ynsany özüne bendi edýän futbol oýnuna täze düzgünler giriziler. Dünýä futbolynyň hojaýny FIFA duşuşyklarda ýüze çykýan adalatsyzlyklary, ýalňyşlyklary azaltmak üçin yzygiderli tagalla edip durýar. Soňky ýyllarda häzirki zaman tehnologiýanyň giň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýan futbolda eýýäm ençeme ýyldan bäri Wideo kömekçi emin ulgamy (VAR) ulanylyp gelýär. Wagtal-wagtal uly jedellere sebäp bolsa-da, VAR ulgamynda her oýunda diýen ýaly işjeň peýdalanylýar.
Golaýda ýalňyşlyklary hasam azaltmak ýa-da oýnuň depginini gowşatmazlyk üçin täze 4 sany düzgün girizildi. FIFA-nyň islegi boýunça IFAB täze düzgünleri tassyklady.
– Häzirki wagtda penaltilerde, gyzyl kartlarda, ofsaýtlarda hem-de geçirilen gollarda ýüze çykan nägileliklerde emin VAR-a salgylanýar. Ýöne täze düzgünleriň hereket edip başlamagyndan soň, burçdan urgulary anyklamakda, şol sanda 2-nji sary kart görkezilende ýüze çykýan jedelli pursatlarda emin VAR-dan kömek sorar.
– Top gapdaldan ýa-da derwezeçi tarapyndan oýna girizilende, 5 sekuntdan geçmeli däl. Geçilen ýagdaýda gapdaldan topy beýleki topar oýna girizer. Derwezeçi giç galsa-da, burçdan urgy ýerine ýetiriler.
– Oýunçy çalşyrylanda, meýdançadan çykýan futbolça 10 sekunt berler. 10 sekuntda çykmasa, onda girýän oýunçy 1 minut soň meýdança alnar.
– Şikes alan futbolçy 1 minutlyk meýdançanyň daşynda galmaly.
– Penalti urgularynda ýalňyşlyk bilen topa 2 gezek degmek meselesi aýdyňlaşdyryldy.
Şu düzgünleriň ählisi 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada hem-de Kanadada geçiriljek Dünýä Kubogynda güýje girer.
Ýeri gelende bellesek, bilşiňiz ýaly, futbola täze düzgünleri FIFA girizmeýär. Angliýanyň, Şotlandiýanyň, Uelsiň hem-de Demirgazyk Irlandiýanyň futbol assosiasiýalary bilen FIFA bilelikde girizýär. Ýagny diňe FIFA oýna düzgün goşup bilmeýär. FIFA-nyň IFAB-a täze düzgünleri girizmek baradaky haýyşnamasyndan soň, olaryň tassyklamagy bilen täze düzgünler peýda bolýar.
PDF









