Bazar barlaglaryny geçirýän “Counterpoint Research” kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, “Samsung”-yň iň köp smartfon satan kompaniýa bolandygyny görmek bolýar. Koreý kompaniýasynyň bu üstünliginde “Galaxy S23” seriýasynyň täsiriniň uludygyny bellenilýär. Bu smartfonlar minimal dizaýny, has gowy tehniki aýratynlyklary, programma üpjünçiligi we kamerasynyň güýji bilen satuwa hödürlenen badyna bäsdeşlerinden öňe saýlandy.
“Samsung” kompaniýasynyň satuwy fewral aýynda 3,5 göterim ýokarlanyp, global bazaryň 21,1 göterimini emele getiripdir. Onuň esasy bäsdeşi bolan “Apple”-iň satuwy 0,7 göterim pese gaçyp, 20,2 göterimlik bazary eýeläpdir. Şeýlelikde, koreý brendi smartfon bazarynda dünýädäki birinjiligini gaýdyp alypdyr. Hytaýyň “Xiaomi” (11,5 göterim), OPPO (8,9 göterim) we “Vivo” (8,2 göterim) kompaniýalary degişlilikde nobatdaky orunlary eýeläpdir.
Nurmyrat Allaberenow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









