Hormatly tomaşaçylar, Türkmenistanyň Döwlet sirki fewral aýynyň 16-na sagat 18:00-da täze teatral-sirk tomaşalaryny Size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň ýaş zehinli artistleriniň, tälim berlen haýwanlaryň, mundan başgada dürli-dürli žanrlardaky sirk çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda petekleri «online» görnüşinde satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 36-10-95 / 36-10-34 / 39-80-44 / 39-80-45.