Garaşsyzlyk – döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasy

20

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenip, bedew bady bilen öňe barýar. Güneşli Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän ägirt uly ösüşler Garaşsyzlygyň bize beren peşgeşi bolup, Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» hem-de döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ata Wa­ta­ny­myz hal­kyň özyg­ty­ýar­ly ösü­şi­niň we dö­re­di­ji­lik iş­jeň­li­gi­niň tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, ro­waç­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­ny – düýp­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak hem-de ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da ha­ky­ky öz­ge­riş­le­ri ga­zan­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly tä­ze döw­ri baş­dan ge­çir­ýär. Mu­nuň özi döw­let ösü­şi­niň has ýo­ka­ry de­re­jä gö­te­ril­me­gi­ni, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň äh­li ugur­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze­len­me­gi­ni aň­lad­ýar. Bu­lar bol­sa jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy we ru­hy-me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ri­lip do­wam et­di­ril­me­gi bi­len üp­jün edil­ýär. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gal­kyn­dyr­mak sy­ýa­sa­ty äh­li pu­dak­la­ry we jem­gy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge, ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de art­dyr­ma­ga, dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge gö­nük­dir­ilen­dir.
Dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ha­ryt­la­ry­na uly is­leg bil­di­ril­ýän tä­ze önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, hal­kyň sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy, aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry­nyň, köp­rü­le­riň gur­lu­şyk­la­ry­nyň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy, ne­bit, gaz, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi, ylym-bi­lim ojak­la­ry­nyň, me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ryň, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport des­ga­la­ry­nyň yzy­gi­der­li gu­rul­ma­gy hal­ky­myz ba­ra­da edil­ýän ala­da­nyň örän ýo­ka­ry­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­riň ne­ti­je­sin­de di­ňe bir paý­tag­ty­my­zyň däl, eý­sem, we­la­ýat­dyr et­rap mer­kez­le­ri­mi­ziň, oba­dyr şä­her­le­ri­mi­ziň keş­bi öň­kü­den-de gö­zel­leş­ýär.
Diýarymyz­da bi­na edil­ýän we ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ryn­da ýaş­la­ry­my­zyň müň­ler­çe­si tä­ze iş orun­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär, ze­rur önüm­le­riň en­çe­me gör­nüş­le­ri öz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýär, oba ho­ja­ly­gyn­da ula­nyl­ýan top­ra­gy gurp­lan­dy­ry­jy hi­mi­ki dö­kün­ler we beý­le­ki pu­dak­lar üçin ze­rur hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni öz ba­zar­la­ry­myz­dan ta­pyp bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan esa­sy oba ho­ja­lyk we se­na­gat önüm­le­ri ba­bat­da özü­ni do­ly üp­jün ed­ýän hem-de taý­ýar önüm­le­ri dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­ka­ryp bil­ýän döw­le­te öw­rül­di.
Üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň, gaz ge­çi­ri­ji­le­riň, ga­ra we de­mir ýol­la­ryň, de­ňiz hem-de ho­wa men­zil­le­ri­niň kö­pu­gur­ly ul­ga­my dö­re­dil­di, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik­ler, er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak­lar ke­ma­la ge­ti­ril­di. Ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet we sport ul­gam­la­ryn­da­ky ösüş­ler bu ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Halk bäh­bit­li be­ýik iş­le­riň ro­waç­lan­ma­gy, ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi ba­ba­tyn­da uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, be­lent baş­la­ry aman bol­sun! Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gel­je­gi ug­run­da alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Sülgünjemal Orazowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.