1919-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda iňlis-irland syýahatçysy Ernest Şekltonyň ýolbaşçylyk edýän ekspedisiýasy Günorta magnit polýusyny açdylar. Günorta polýusa ondan ozalky ýyllarda hem birnäçe ekspedisiýalar guralypdy. Olaryň käbiri Antarktika däl-de, onuň golaýyndaky adalara barypdylar. Şekltonyň açyşy şol döwürler Antarktika guralan syýahatlaryň iň netijelileriniň biri boldy. Günorta polýusa başgaça günorta 90-njy parallel hem diýilýär. Bu planetamyzyň iň günorta çeti bolup, Demirgazyk polýus bilen aralygy islendik tarapdan ölçenende-de, 20 müň 4 kilometr. Ýeriň aýlanma oky Demirgazyk we Günorta polýuslardan geçýär.
1909-njy ýylda günorta magnit polýusy tapylan hem bolsa, bu nokat häzirki wagtdaky günorta magnit polýusy däl. Demirgazyk we günorta polýuslar Ýeriň magnit meýdanynyň üýtgemegi sebäpli her ýyl üýtgäp durýar.