Indoneziýanyň Meratus daglaryndaky tokaýda guşlaryň täze iki görnüşi tapyldy. Bu barada ýurduň Milli barlag we täzelik agentligi (BRIN) habar berdi. Agentlik guşlaryň Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (IUCN) Gyzyl sanawyna alynmagyny maslahat berdi. Agentligiň hünärmeni Mohammad Irham guşlaryň birine ýerli dilde «Kacamata Meratus» diýilýändigini, ýaşyl reňkli bu guşuň sarymtyl nagyşlydygyny aýtdy. Ýokarsy gök, aşagy goňur, mämişi we ak reňkli bolan beýleki guş bolsa «Sikatan Kadaýang» diýlip atlandyrylýar. Irham guşlaryň köpelmegi üçin bu ýerde amatly tebigy şertleriň bardygyny aýdýar.
Baýramgül HANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
talyby.