Ýurdumyzda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge uly taýýarlyk görülýär. Bu halkara baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir” atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şekillendiriş sungatynda zenan waspy” atly serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, teatrlarda sahna oýunlaryny, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişini hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri geçiriler. Bu barada 27-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.