Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra güni bellenilip geçilýär. Bu gün ýurdymyzyň ähli künjeginde watan gerçekleri hatyralanýar, olaryň Watan öňündäki bitiren işleri ýatlanýar. Hatyra güni mynasybetli Köneürgenç etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklygynda Köneürgenç taryhy medeni-döwlet goraghanasyna gezelenç guraldy. Gezelenje il sylagly ýaşulular, mährem eneler we beýleki halk köpçüligi gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda Köneürgenç taryhy medeni goraghanasynyň ýol görkezijisi 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň bütin dünýä sanawyna giren Köneürgenç  taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki täsin, taryh üçin bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlikleri, bu ýerdäki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu taryhy ýadygärlikler bilen tanyşmak gezelenje gatnaşyjylarda geçmiş taryhymyza hormat, göwünlerinde ruhybelentlik döretdi.

Bu ýere gelenler ülkäniň taryhy barada giň düşünje alyp, ata-babalarymyzyň nähili ýaşandyklaryna aýdyň göz ýetirdiler. Gözelligi we ylmy ähmiýeti bilen meşhurlyga eýe Törebeg hanymyň mawzoleýini, Nejmeddin Kubra ýadygärlikler toplumyny, Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň, Ibn-Hajy ýadygärliklerini, Merkezi Aziýada belentligi boýunça ilkinji orunda duran Gutlug Temuryň minarasyny, Seýit Ahmediň (Gara gapy ata) kümmetini synlap, şöhraty äleme dolan ata-babalarymyzyň gadymy mekanynda sünnäläp bina edilen galalaryna buýsanç we bilesigeljilik bilen tomaşa etdiler.

Şohrat  SOÝUNGYLYJOW

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň

Köneürgenç  etrap  birleşmesiniň  esasy hünärmeni