Üç ýyldan bäri dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanyň taryhynda ilkinji gezek çaga dogluşy azaldy. Soňky ýaýradylan resmi maglumata görä, ýurtda her zenana düşýän çaga sany 1,9-a çenli azaldy. Bu görkeziji ilatyň uzak wagtlap, azalmazdan saklanmagy üçin gerek bolan 2,1-den hem azdyr. Ýagny bu ýagdaý dowam etse, ilatyň sany artmagyň deregine azalar. 2000-nji ýyllaryň başynda bu görkezijiniň 3,3 bolandygy göz önünde tutulsa, çaga dogluşyndaky pese gaçyşlyk örän ýokary diýlip hasap edilýär. Ýurduň ykdysady taýdan ösen ştatlary hasaplanýan Keralada hem-de Tamil Naduda zenan başyna 1,3 çaga, paýtagt Delide bolsa, 1,2 çaga düşýär.
PDF









