Bonnda halkara klimat maslahaty başlady

1

Germaniýanyň Bonn şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC) kömekçi edaralarynyň 64-nji sessiýasy (SB64) öz işine başlady. 8-nji iýunda badalga berlen we 18-nji iýuna çenli dowam etjek bu halkara forum dünýäniň, takmynan, 190-dan gowrak ýurdundan gelen wekilleriň gatnaşmagynda geçirilýän ýylyň iň iri ekologiýa çäreleriniň biri bolup durýar. Guralýan şu gezekki gepleşikler Baziliýanyň Belem şäherinde geçirilen COP30 maslahatyndan soňky ilkinji uly derejeli duşuşykdyr.
Dünýä jemgyýetçiliginiň we halkara guramalaryň üns merkezinde duran bu çäräniň esasy maksady geljekki howa çözgütleriniň esaslaryny işläp taýýarlamakdan hem-de Antalýada (Türkiýe) geçiriljek taraplaryň nobatdaky maslahatyna (COP31) düýpli taýýarlyk görmekden ybaratdyr. Global şertnamanyň çäklerinde howany maliýeleşdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, gazylyp alynýan ýangyçlardan tapgyrlaýyn ýüz döndermek, durnukly energetika geçişi, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, azyk ulgamlaryny özgertmek hem-de Ýeriň ätiýaçlyklaryny netijeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça 31 sany resmi çäräniň we gepleşikleriň guralmagy meýilleşdirildi.
Maslahatyň dowamynda syýasy wadalary anyk hereketleriň meýilnamalaryna öwürmek we BMG-niň resmi şertnamalaryndan daşary emele gelýän täze syýasy başlangyçlary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu halkara maslahat dünýäniň ekologiýa howpsuzlygy durnukly saklamak boýunça möhüm wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.