Ilkinji deňme-deňlikleri

2

Iki gün öň badalga alan 23-nji FIFA Dünýä Kubogy ýokary depginde dowam edýär. “B” toparçanyň ilkinji duşuşygynda ýer eýesi Kanadanyň ýygyndysy Torontodaky BMO Field stadionynda Bosniýa we Gersegowinananyň ýygyndysy bilen duşuşdy.

Çekeleşikli geçen oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Oýnuň 21-nji minutynda Ýowo Lukiç hasaby açdy. Ýer eýeleri kanadalylara hasaby deňlemek ýeňil düşmedi. 76-njy minutda oýna giren tejribeli hüjümçi Kaýl Larin 78-nji minutda hasaby deňledi.

Şunlukda, duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Kanadanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň taryhyndaky ilkinji utugyny gazandy. 3-nji gezek gatnaşýan Kanadanyň ýygyndysyna bu sepgide 7-nji oýunda ýetmek başartdy.

Bu netije taryhynda 2-nji gezek Dünýä Kubogyna wekilçik edýän Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysynyň hem ilkinji deňligi hökmünde hasaba alyndy. Olaryň 2014-nji ýyldaky çempionatdan galan bir ýeňşi bar.

Şol bir wagtyň özünde bu Dünýä Kubogyndaky hem deňlikde tamamlanan ilkinji oýun boldy.

Kanadanyň ýygynydysy indiki duşuşygynda Katar bilen, Bosniýa bolsa Şweýsariýa bilen duşuşar.

“B” toparça

KANADA – BOSNIÝA WE GERSEGOWINA: 1-1

Kaýl Larin 78 – Ýowo Lukiç 21