Surinamyň Milli parlamenti ýurtda geçirilen ählumumy saýlawdan birnäçe hepde soňra ýurduň prezidentini saýlamak üçin ýygnandy. Geçirilen ses berişlikde Jennifer Simons ýokary döwlet wezipesine saýlandy. Şeýlelikde Simons ýurduň ilkinji zenan prezidenti boldy.
Günorta Amerikadaky Surinam Respublikasynda 25-nji maýda geçirilen parlament saýlawynda Milli demokratik partiýa 18, şol wagtda döwlet ýolbaşçysy Çan Santohiniň Täzelikçi reforma partiýasy 17 orun eýeläpdi. Galan 16 orun bolsa beýleki partiýalaryň paýyna düşüpdi.
Surinamda döwlet ýolbaşçysy raýatlar tarapyndan däl-de, Milli parlament tarapyndan saýlanýar. Bir dalaşgäri bu wezipä saýlanmagy üçin deputatlaryň üçden ikisiniň sesini almagy zerurdyr.
71 ýaşly Simons saýlawdan soňky eden çykyşynda bu wezipä hyzmat etmek üçin gelendigini, tejribesini, güýjüni ähli halkyna hödürlemek üçin ulanjakdygyny belledi.
Ýurduň ozalky prezidenti Santohi bolsa, Simonsy ýeňşi bilen gutlady. Mundan soňra deputat wezipesini ýerine ýetirjek Santohi ýurduna hyzmat etmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.