Dünýädäki iň uly sport guramaçylygy bolan Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) täze prezidenti saýlandy. Gresiýanyň Pylos şäherinde geçirilen 144-nji sessiýada 7 dalaşgär HOK-yň prezidenti bolmak ugrunda bäsleşdi. Häzirki prezident Tomas Bah özüniň möhletiniň dolmagyndan soň dalaşgär bolmakçy däldigini ozal habar beripdi.
HOK-yň 10-njy prezidenti bolmak ugrunda häzirki wagtda HOK-yň wise-prezidenti, ozalky preziden Huan Antonio Samarançyň ogly, ispaniýaly Huan Antonio Samaranç Salisaks, Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti, ýaponiýaly Morinari Watanabe, Halkara welosport birleşiginiň prezidenti, fransiýaly Dawid Lappartien, Halkara lyža we snoubord federasiýasynyň başlygy, britaniýaly Ýohan Eliaş, Halkara ýeňil atletika federasiýasynyň prezidenti, britaniýaly Sebastian Kou, Şa Abdallah II dogany, HOK-yň ýolbaşçy toparynyň agzasy, iordaniýaly Şa Faýsal bin Hussein hem-de Zimbabweniň Ýaşlar, sport, sungat ministri, Olimpiýa çempiony Kirsti Kowentri dagy dalaşgär boldy.
Netijede, ses berilşigiň 1-nji tapgyrynda Kirsti Kowentri 49 ses alyp, iň ýakyn bäsdeşi Huan Antonio Samaranç Juniordan (28 ses) öňe geçip, Halkara Olimpiýa komitetiniň 10-njy prezidenti boldy. Ol HOK-yň prezidenti wezipesine saýlanan ilkinji zenan, şol sanda ilkinji afrikaly şahsyýet hökmünde hasaba alyndy. Ol täze wezipesine iýun aýynyň 24-ine girişer.
1894-nji ýylda esaslandyrylan Halkara Olimpiýa komitetiniň häzirki prezidenti, germaniýaly, ozalky fehtowaniýaly Tomas Bah 2013-nji ýylda saýlanypdy. Şu wagta çenli gresiýaly Demetrius Wikelas (1894-1896), HOK-y esaslandyryjy, fransiýaly Pier de Kuberten (1896-1925), belgiýaly Anri de Baýe-Latur (1925-1942), şwesiýaly J. Sigfrid Edström (1946-1952), amerikaly Aweri Brundeýj (1952-1972), irlandiýaly Maýkl Morris (1972-1980), ispaniýaly Huan Antonio Samaranç (1980-2001), belgiýaly Žak Rogg (2001-2013) dagy HOK-yň prezidenti wezipesini ýerine ýetirdiler. Olardan Pier de Kuberten 29 ýyl 48 gün bilen iň uzak wagt bu wezipede işledi.