Soň­ky ýyl­lar­da elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän elekt­rou­laglara zar­ýad ber­mek ba­bat­da hem köp ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­dy. Bu ugur­da de­giş­li iş alyp bar­ýan ABB şwed-şweý­sar kor­po­ra­si­ýa­sy elekt­rou­lag­la­ra has çalt zar­ýad ber­ýän be­ke­di taý­ýar­la­dy. Tä­ze ter­mi­nal is­len­dik elekt­rou­la­ga 15 mi­nut­da do­ly zar­ýad ber­ýär. Adat­ça, zar­ýad ber­mek üçin 6-8 sa­gat ge­rek bol­ýar. Bu ter­mi­nal 4 aw­tou­la­ga bir wagt­da zar­ýad be­rip bil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu be­ket­ler­de di­ňe bir ýe­ňil aw­tou­lag­la­ry däl, eý­sem, ýük ulag­la­ry­na we beý­le­ki en­jam­la­ra hem zar­ýad be­rip bo­lar.
Ýew­ro­pa­da aşa çalt zar­ýad be­riş ter­mi­nal­la­ry şu ýy­lyň ahy­ryn­da el­ýe­ter­li bo­lar. Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­tin­de şeý­le stan­si­ýa­la­ryň gu­rul­ma­gy­na 2022-nji ýyl­da baş­la­nar.

Nu­ra­na SE­ÝI­DO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.