Dünýäniň dürli aşhanalaryna degişli tagamlar barada yzygiderli maglumat taýýarlaýan «Taste Atlas» platformasy çörek görnüşleriniň sanawyny taýýarlady. Sanawa çöregiň diňe ýuka görnüşleri girizilipdir. Naan (Hindistan), parotta (Malaýziýa we Günorta Hindistan) we msemen (Marokko) öňdäki orunlary eýeläpdir. Tamdyra ýapylyp bişirilýän naanyň ýüzüne saryýag we sarymsak çalynýar. Çöregiň parotta atly görnüşi birnäçe gezek ýaýylandan soňra düýrlenip gaýtadan ýaýylýar. Şeýlelikde, saçda bişirilýän çörek gatlakly we kibirdewük bolýar.
Msemen bolsa, ýuka ýaýylan hamyrdan bişirilýär. Saçda bişirilýän gatlakly çöregiň bu görnüşi dörtburç bolýar.
Sanawa pýadina (Italiýa), bazlama (Türkiýe), polroti (Şri-Lanka), paratha (Hindistan), appam (Hindistan), injera (Efiopiýa) we ýufka (Türkiýe) ýaly çörek önümleri girizilipdir.
PDF









