Russiýanyň çempionatynda 20-nji tapgyryň çäginde liganyň täze topary “Akron” myhmançylykda “Krylýa Sowetowdan” 2-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda “Akron” toparynyň gollaryny Dzýuba (9) bilen Lonçar (83) geçirdi. Toparyň 1-nji goluny geçiren weteran hüjümçi Artem Dzýuba 9 ýyllyk rekordy täzeledi. 37 ýaşyndaky hüjümçi karýerasyndaky 234-nji goluny geçirip, iň köp gol salan russiýaly futbolçy boldy.  Bu ugurda ozalky rekord Aleksandr Keržakowa degişlidi (233 gol). Dzýuba karýerasy boýunça “Zenitde” 108, “Spartakda” 38, milli ýygyndyda 30, “Rostowda” 20, “Tomda” 14, “Lokomotiwde” 12, “Arsenal Tulada” 6, “Akronda” 5 hem-de “Adana Demirsporda” (Türkiýe) 1 gol geçirdi. Ol karýerasy boýunça iň köp goly “Krasnodaryň” derwezesinden girizdi (15 gol).