Halkara Aeroportlar Geňeşi tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, Gonkongyň Halkara howa menzili geçen ýyl ýük göwrümi babatda dünýäde birinji bolupdyr. Şeýlelikde, howa menzili soňky 13 ýylyň dowamynda bu ugurda birinjiligini saklap galdy. Gonkong Halkara howa menziliniň ýolbaşçysy Jek So aeroportyň netijeli we ýokary hilli hyzmatynyň birinji bolmaga şert döredýändigini mälim etdi. Howa menzilinde häzirki wagtda uzak möhletli zerurlyklara jogap bermek üçin «Üç ýol» ulgamy durmuşa geçirilýär. Bu ulgam aeroportyň ýolagçylarynyň sanyny 120 milliona we ýük geçirimlerini 10 million tonna ýetirmäge mümkinçilik berer. Taslamanyň ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.
Ýusup GULOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.
PDF









