Iň uly ýyladyşhana ýa-da “jennet bagy”

202

Ýigrimi iki müň inedördül metr meýdany bolan dünýäniň iň uly ýyladyşhanasy Angliýada, Kornaul etrabynda guruldy. Bu ýer ägirt uly geodeziki gümmezleriň aşagynda ýerleşýän, dünýäniň çar künjeginden köp dürli ösümlikleri ýygnan ullakan botanika bagydyr. Oňa başgaça “jennet bagy” hem diýilýär. Özara baglanyşykly gümmezleriniň tebigy toplumy, öz gezeginde güýçli metal çarçuwaly altyburçly plastmassa gümmezlerden ybarat bolup, iki sany uly otagy emele getirýär. Birinji gümmeziň aşagynda  Ortaýer deňziniň florasyna degişli ösümlikler bar bolsa, ikinji ýyladyşhanada tropiki we ekwatorial tokaýlaryň köp sanly ösümlikleri ýetişdirilýär. Şol bir wagtyň özünde taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýolbaşçylyk eden Tim Smit äpet ýyladyşhananyň ýerine ýetiriji müdiri bolup zähmet çekýär. Ol bu taslamany durmuşa geçirmek üçin dürli iri binagärlik taslamalarynyň awtory Nikolas Grimşaw bilen maslahatlaşypdyr. Netijede olar 1995-nji ýyldan 1998-nji ýyla çenli “Eden” atly bu  taslamasynyň dizaýnynyň üstünde işlediler. Gurluşyk ýene iki ýarym ýyl dowam edip, 2001-nji ýylyň martynda açylypdyr. Keramatly Blazeý şäheriniň golaýynda, ozal kaolinit gazylan köne karýerde gurlan ýyladyşhana üçin 75 million funt sterlinge barabar pul sarp edilipdir. Üýtgeşik desga üçin gerek bolan suw we elektrik energiýasy diňe arassa çeşmelerden üpjün edilýär. Ýagyş suwň ýygnalyp, ösümlikler suwarylýan bolsa, bu ýerdäki Gün panelleri we ýel beketleri gerek bolan energiýany üpjün edýär. Ýyladyşhananyň içinde egrem-bugram ýollar, emeli usulda döredilen kölde hatda kiçiräk derýa hem bar. Emma ýyladyşhananyň içinde haýwanlar we guşlar ýok.

Ýeri gelende aýtsak, “Bond” filminiň ýigriminji bölüminiň bir parçasy bu ýerde surata düşürildi.

Gülpamyk ÝAZMUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby