Hytaýyň BYD kompaniýasyna degişli bolan «Denza» brendi täze elektroulagyny tanyşdyrdy. «Denza Z9 GT» atly ulag bir gezekki zarýady bilen 1 müň 36 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Bu görkeziji häzirki wagtda satuwda bolan ähli elektroulaglaryňkydan köpdür. Dolulygyna elektrik energiýasynda işleýän ulag 122,5 kW/sagat güýji bolan batareýa toplumy bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Ulagyň gibrid görnüşiniň bardygy hem mälim edildi. Bu görnüşde göwrümi 2 litr bolan benzin bilen işleýän 1 sany hereketlendiriji hem-de 3 sany elektrik motor bar. Ulag diňe elektrikli motory bilen 400 kilometr ýol geçip bilýär.
Şöhrat Amangeldiýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









