Dünýäniň öňdebaryjy ýarymgeçiriji öndürijileriniň biri bolan “Intel” kompaniýasy şu ýylyň birinji ýarymyna degişli maglumat berdi. Kompaniýa üç aýyň dowamynda 18,4 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwündäkiden 7 göterim az bolupdyr. 2021-nji ýylyň degişli döwründe kompaniýa 19,7 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Şeýle-de bolsa kompaniýanyň peýdasy ýokarlanypdyr. “Intel”-iň ýylyň birinji çärýegindäki peýdasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 141 göterim ýokarlanyp, 8,1 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 3,4 milliard dollar bolupdyr. Kompaniýanyň geçen ýylyň birinji çärýegindäki 0,82 dollar bolan her paýnamadan alan peýdasy, bu ýyl 1,98 dollara ýetipdir.

Bagtdawlat Haladowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby