Germaniýanyň Münhen şäherindäki “Allianz Arenada” ýerli “Bawariýa” italýanlaryň “Interini” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri hüjüm babatda öňe saýlansa-da, olara hasapda üstünlik başartmady.

Duşuşygyň 38-nji minutynda Markus Turamyň ajaýyp pasyndan soň sag aýagynyň daşy bilen topy derwezä girizen Lautara Martines hasaby açdy. 19-njy goluny salan Martines braziliýaly Adrianodan öňe geçip, “Interiň” UÇL-däki iň netijeli futbolçysy boldy. Bu goldan öň “Bawariýanyň” futbolçylary 2 sany amatly pursatdan peýdalanyp bilmedi. Şolaryň birinde Keýniň urgusynda top sütüne degip, meýdançanyň daşyna gitdi.

Duşuşygyň 2-nji ýarymynda, has takygy, 75-nji minutda möwsümiň ahyrynda topardan gidýändigini yglan eden Tomas Müller oýna girdi. Ol 10 minutdan soňam Laimeriň pasyndan soň topy derwezä girizip, hasaby deňledi. Bu onuň münhenlileriň düzümindäki 244-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Ol UÇL-de çärýek finalda 24-nji duşuşygyny geçirip, bu ugurda Manuel Noýer hem-de Lionel Messi bilen deňleşdi.

Duşuşygyň 88-nji minutynda oýna soň giren başga bir futbolçy, “interli” Dawide Frattezi tapawutlanyp, italýanlara ýeňiş gazandyrdy. Şunlukda, Germaniýadan 2-1 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Inter” ýarym finala çykmak ugrunda bir ädim öňe saýlandy.

Bu duşuşyga çenli “Bawariýa” italýan klublaryny 7 oýundan bäri ýeňip gelýärdi. Şeýle-de, Inter UÇL-de soňky 10 duşuşygynda 9-njy ýeňşini baýram etdi.

Jogap duşuşygy 16-njy aprelde Milan şäherindäki “San Siro” stadionynda oýnalar.