Italiýanyň çempionatynda öňdebaryjy 3 toparyň duşuşygy-da 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Milan” bilen “Interiň” oýnunda şäheriň adybir topary niderland ýarymgoragçysy Reýndersiň 45-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. 3 urgusy sütünden gaýdyp, 3 goly-da hasaba alynmadyk “Inter” 90+3-nji minutda hasaby deňledi. Bu goly-da niderland oýunçy De Wreý öz adyna ýazdyrdy.
“Roma” bilen “Napoliniň” arasyndaky oýun hem birmeňzeş ýagdaýda tamamlandy. “Roma” topary ozalky oýunçysy Spinazzolanyň 29-njy minutdaky goly bilen öňe saýlanan “Napoli” toparynyň derwezesinden hasaby deňlän goly 90+2-nji minutda Anhelinio geçirdi.
“Atalanta” bolsa Reteginiň penalti salyp bilmedik oýnunda “Torino” bilen utuklary paýlaşdy.
Öz meýdançasynda “Empolini” kabul eden “Ýuwentus” öňki futbolçysy De Şilionyň goly bilen garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Turinlileriň gollarynyň 2-sini täze transfer Kolo Muani, beýlekiler-de 90-njy minutdan soň Wlahowiç bilen Konseýsau geçirdi.
Parma – Leççe: 1-3 (Waleri 34 p – Krstowiç 36, Pierotti 63, 90+3),
Monza – Werona: 0-1 (Lekowiç 13 ö.d.),
Udineze – Wenesiýa: 3-2 (Lukka 47, Lowriç 52, Brawo 84 – Nikolussi-Kawilýa 64, Gýutkiýaer 79),
Atalanta – Torino: 1-1 (Jimşiti 35 – Maripan 40),
Bolonýa – Komo: 2-0 (De Silwestri 25, Fabbian 66),
Ýuwentus – Empoli: 4-1 (Kolo Muani 61, 64, Wlahowiç 90, Konseýsau 90+2 – De Şilio 4),
Fiorentina – Jenoa: 2-1 (Ken 9, Gudmundsson 30 – De Winter 55),
Milan – Inter: 1-1 (Reýnders 45 – De Wreý 90+3),
Roma – Napoli: 1-1 (Anhelinio 90+2 – Spinazzola 29),
Kaliari – Lasio (şu gije)