Karýerasyny Meksikanyň çempionatynda dowam etdirýän tejribeli ispan goragçysy Serhio Ramos 1000-nji duşuşygyny geçirdi. Ol topary “Monterreýiň” myhmançylykda “Kruz Azul” bilen 1-1 deňme-deň oýnan duşuşygynda 12-nji minutda hasaby açdy. Bu onuň “Monterreýiň” düzümindäki 4-nji duşuşygynda 3-nji goly boldy.

Mart aýynyň 30-ynda 39 ýaşyna gadam basjak Ramos karýerasy boýunça “Sewilýa” 2 döwürde 87, 16 möwsüm çykyş eden kluby “Real Madridde” 671, şol sanda PSŽ-de 58 duşuşykda meýdança çykdy. Onuň Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilenem 180 duşuşygy bar. “Monterreýde” bolsa 4 duşuşyk geçiren Ramos karýerasyndaky 1000-nji duşuşygynda tapawutlandy. Birnäçe hüjümçiden köp gol salan Ramos şu wagta çenli klublarda 122, milli toparda-da 23, jemi 145 goly öz adyna ýazdyrdy.