Irlandiýanyň Dublin şäheriniň häkimiýetleri meşhur irland ýazyjysy Jeýms Joýsuň «Dublinliler» atly ýygyndysynda ýerleşdirilen hekaýadaky meşhur öýi abadanlaşdyrmaga rugsat berdiler. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar. 1775-nji ýylda gurlan binadaky bu öýde birwagtlar Joýsuň enesi ýaşapdyr. Hut şu öýde hem ýazyjynyň 1914-nji ýylda ýazan hekaýasyndaky wakalar bolup geçýär. Dubliniň şäher geňeşi 2017-nji ýylda bu jaýy 650 müň ýewro satmaga rugsat beripdir. Ony myhmanhana öwürmek baradaky meýilnamalar 2019-njy ýylda belli bolýar. Ýöne Sally Runiniň ýolbaşçylygynda birnäçe ýazyjy bu teklibe garşy çykyp, binany gorap saklamak baradaky haýyşnamany Dubliniň häkimiýetlerine ýolladylar. Ýazyjylar bu öýe Irlandiýanyň medeni taryhynyň möhüm bölegi hökmünde baha berdiler. Şeýlelikde, ýurduň Medeniýet ministrligi we Dubliniň ýolbaşçylary bu binanyň taryhy ähmiýetini nazara alyp, ony gorap saklamak we abadanlaşdyrmak baradaky karara geldiler.