Kadaly uky bagtyýar durmuşyň özenidir. Adam ukuda wagty bedende dikeldiş we sagaldyş hadysalary hereket edýär. Şonuň üçin günüň dowamynda uly adamlara azyndan 8 sagat, çagalara bolsa 10-12 sagat uklamak maslahat berilýär. Hünärmenler ukynyň adamyň diňe saglygyna peýdasy bolman, eýsem, şähdiňi açýandygy barada hem belleýärler. Ortaça hasap bilen alnanda adamlar wagtynyň üçden bir bölegini uklap geçirýärler. Wagtly-wagtynda ukyňy almak adam saglygy üçin örän möhümdir.
Adam ukuda wagty merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna geçip, bedeni ertirki güne taýynlaýar. Şonda ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlary sazlaşykly işleýär. Häzirki döwürde daşky gurşawyň bedene ýetirýän täsiriniň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, günüň dowamynda 15-45 minutyň dowamynda uklamak, dynç almak maslahat berilýär. Kadaly uky we uky bozulmalary barada yzygiderli ylmy barlaglar geçirilýär. Ýapon alymlary 16 dürli uky görnüşini kesgitlediler. Bu ylmy barlaga 100 müň adam gatnaşdy. Synag döwründe olaryň ellerine bilezik dakyldy. Şol enjam elleriň hereketlerini hem-de damar çekmeleri hasaba aldy. Şol maglumatlar esasynda alymlar ukynyň 16 görnüşiniň bardygyny anykladylar.
Şonuň netijesinde, adamlary ukusyzlykdan ejir çekýänler hem-de gündiz dynç almak zerur bolmazdan, gijelerini rahat uklaýanlara bölüp boljakdygyny mälim etdiler. Şol kategoriýalar hem öz aralarynda bölümlere bölündi. Netijede, 16 bölüm emele geldi. Adamlaryň ukusynyň yzygiderli tertipde däldigi, ukusyzlykdan ejir çekýänleri hem tapawutlandyryp boljakdygyny bellediler. Olaryň käbiri kynlyk bilen ýatyp, az ýatýarlar, beýlekiler bolsa kynlyk bilen ýatyp, köp uklaýarlar.
Ukynyň bolmazlygy we pes hilli uky uzak we gysga möhletde saglygymyza ep-esli täsir edýär. Ukynyň bozulmagynyň netijesi ünsüňi jemlemek, ýat we öwrenmek ulgamlarynda näsazlyklaryň döremegine getirip biler. Pes hilli uky we ukusyzlyk semizlik, ýokary gan basyşy, süýji keseli, immunitetiň gowşaklygy we hatda käbir beýleki kesellere ýol açýar. Gijelerine gowy uklaýan adamlarda gan basyşynyň derejesi pes, süýji keseli, semizlik we beýleki dowamly keselleriň ýüze çykmagy örän seýrek ýagdaýdyr.
Ýeterlik derejede dynç alynmasa, bu gündelik işimize gönüden-göni täsir edýär. Dynç almak üçin bolsa wagtly-wagtynda ýeterlik derejede uklamak zerurdyr. Kadaly uky diňe fiziki däl, eýsem, ruhy saglygymyza hem täsirini ýetirýär. Uky bozulmalaryň bejergisi olaryň sebäbine bagly bolup durýar. Beden keselleri sebäpli döreýän uky bozulmalaryň bejergisi esasy keseline gönükdirilmeli. Ukynyň çuňlugynyň we dowamlylygynyň azalmagy ýaşuly adamlarda kadaly diýip hasaplanýar. Uky bozulmalary uky tutdurýan serişde bilen bejerilmezden öň, sagdyn uky üçin umumy düzgünleri berjaý etmeli.
Allamyrat GALANDAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.