Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagy bilen bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen degişli okuwlary, maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.
«Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar şu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer. Agzalan Maksatnamada we Meýilnamada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 28-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.