Portugaliýanyň Lissabon şäherindäki «Passeio Marítimo de Algés» meýdançasynda geçirilýän iň iri tomus aýdym-saz festiwallarynyň biri bolan «NOS Alive» festiwalynda şu ýyl ilkinji gezek edebiýata aýratyn orun berildi. Festiwalyň guramaçylary 18-nji gezek geçirilýän çäräniň çäklerinde «Edebiýat sahnasy» atly täze taslamany durmuşa geçirip, aýdym-saz baýramynda kitaplara, ýazyjylara hem-de söz sungatyna aýratyn orun berdiler. Her günde 55 müň tomaşaçyny kabul edýän we biletleri doly satylan bu çäre diňe bir aýdym-saz bilen çäklenmän, eýsem, sungatyň dürli ugurlaryny birleşdirýän giň gerimli medeni platforma öwrüldi.
Festiwalyň ilkinji gününde meşhur portugal ýazyjysy Walter Ugu Mae we edebiýatçy Pedro Şagaş Freýtaş ýaly awtorlar alyp baryjy Ana Markl bilen söhbetdeşlik guradylar. Ýazyjy Walter Ugu Mae «Euronews» telekanalyna beren interwýusynda kitaplaryň adamlara has ýakynlaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, edebiýatyň adamzat kämilleşmesindäki ornuny nygtady. Şeýle-de ol häzirki zaman tehnologiýalarynyň, aýratyn-da emeli aňyň çäksiz mümkinçiliklerine garamazdan, adamyň hakyky duýgularyny we edebi döredijiligini çalşyp bilmejekdigini aýtdy.
Şenbe gününe çenli dowam edýän çäräniň çäklerinde Afonsu Kruş, Luiza Sobral, Pedro Buşeri Mendeş, Fransişku Gimaraýnş, Ana Barbara Pedroza, Dawid Azewedu Lopeş we Ugu wan der Ding ýaly tanymal awtorlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar meýilleşdirildi. Tomaşaçylar bu meýdançada diňe bir gürrüňdeşlikleri diňlemän, eýsem halanýan awtorlarynyň kitaplaryny satyn alyp, olara gol çekdirip hem bilýärler. Satyn alnan kitaplaryň artykmaç ýük bolmazlygy üçin bolsa, «FNAC» we Portugaliýanyň poçta gullugy («CTT») bilen hyzmatdaşlykda kitaplary öýlere mugt eltip bermek hyzmaty ýola goýuldy.
Festiwala gatnaşyjylar çäräniň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, fadu we degişme sahnalaryndan başga-da, edebiýat burçunyň döredilmegini goldadylar. Şol bir wagtda, festiwalyň esasy aýdym-saz maksatnamasynyň çäginde dünýä belli «Foo Fighters», «Skunk Anansie», «Teddy Swims», «Lorde», «Florence + The Machine» we «Buraka Som Sistema» ýaly toparlaryň hem-de aýdymçylaryň çykyşlaryna garaşylýar.