Bazar barlaglaryny geçirýän “International Data Corporation” (IDC) şereketiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde kompýuter satuwy 29 göterim pese gaçyp, 56,9 million bolupdyr. Iň köp pese gaçyşlygy “Apple” hasaba alypdyr. “Apple Inc” kompaniýasynyň şahsy kompýuter satuwy 40,5 göterim azalypdyr.
Kompýuter bazarynyň öňdebaryjysy “Lenovo Group”-yň hem-de “Dell Technologies”-iň satuwy 30 göterimden gowrak azalypdyr. HP-däki peseliş 24,2 göterim bolupdyr. “Asustek Computer”-iň müşderilere iberen kompýuterleriniň mukdary 30,3 göterim azalypdyr.