Nor­we­gi­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýur­duň «An­do­ýa» kos­mos mer­ke­zin­de mil­li­on­lar­ça dol­lar­lyk tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­k üçin ma­ýa goý­mak ba­ra­da ka­rar ka­bul et­di. Bu ba­ra­da hö­kü­me­tiň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Bu se­riş­de­ler ki­çi hem­ra­la­ry uçur­mak mak­sa­dy bi­len tä­ze mer­ke­zi ula­nyp baş­la­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek üçin peý­da­la­ny­lar. Hö­kü­met «An­do­ýa» kos­mos mer­ke­zin­de bu mö­hüm ug­ry ös­dür­mä­ge we gel­jek­de bu ugur­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­ret­jek­di­gi­ni mä­lim ed­ýär.
– Bu mer­kez Nor­we­gi­ýa­da bi­lim­le­ri we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ös­dür­mek üçin iň go­wy müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dip bi­ler – di­ýip, söw­da we se­na­gat mi­nist­ri Ise­lin Nyb­ýo aýt­dy.
Şo­ňa gö­rä, Nor­we­gi­ýa­nyň hö­kü­me­ti, «An­do­ýa» kos­mos mer­ke­zi­ne baş­lan­gyç tap­gyr­da hem­ra mer­ke­zi­ni gur­mak üçin 365 mil­li­on nor­weg kro­ny­ny (40,1 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak) bö­lüp ber­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. In­di­ki tap­gyr­da ýe­rüs­ti bar­lag­la­ry ge­çir­mek, teh­ni­ki ha­sap­la­ma­lar we şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak üçin goş­ma­ça se­riş­de­ler bö­lü­nip ber­ler.