Soňky ýyllarda Saud Arabystanynda kosmosa degişli dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň dowamynda ýurt birnäçe kosmos taslamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Olaryň arasynda adamly kosmos maksatnamasy hem bar. Ýurt geljek aýlarda ilkinji zenan astronawt Raýana Barnawiniň kosmosa uçuryljakdygyny mälim etdi. Ýylyň ikinji çärýeginde «SpaceX» kompaniýasynyň raketasy bilen saud arabystanly astronawtlar Raýana Barnawi hem-de Ali Al-Karni kosmosa iberiler. «Dragon» gämisi arkaly Halkara kosmos bekedine barjak astronawtlar ol ýerde birnäçe ylmy işleri geçirmäge gatnaşarlar.
Saud Arabystanynyň Kosmos edarasy geçen ýylyň sentýabrynda «Görnüş 2030» maksatnamasynyň çäklerinde kosmos maksatnamasyny ýola goýandyklaryny mälim edipdi. Bu maksatnama bilen kosmos senagaty pudagyndan peýdalanmagy we bu ugurdaky barlaglara goşant goşmagy meýilleşdirilýändigi mälim edilipdir.
Muhammetaly BERDILIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









