Dünýäniň iň gadymy myhmanhanasy. Ýaponiýanyň Haýakawa şäherinde ýerleşýän Nisiýama Onsen Keýunkan myhmanhanasy 705-nji ýylda gurulýar. 37 otagly, kaiseki restoranly bu myhmanhana nusgawy sungat esbaplary bilen bezelipdir. Otaglaryna tatami matasyndan düşek ýazylan bu myhmanhanada hyzmatkärler nibu-şiki kimono (iki bölek milli eginbaş) geýýärler. Myhmanhanada açyk we ýapyk gyzgyn hammamlar bolup, Ýapon Alp daglarynyň eteginde medeniýetli dynç almaga mümkinçilik berýär. 2011-nji ýylda Nisiýama Onsen Keýunkan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna dünýäniň iň köne myhmanhanasy hökmünde girizildi. Nara döwründe döredilen bu myhmanhana şol bir maşgalanyň 52-nji nesli tarapyndan dolandyrylýar. Iň köne myhmanhana Ýaponiýanyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berýär.
Dünýäniň iň beýik myhmanhanasy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän 4 ýyldyzly Gewora myhmanhanasy 12 ýyllyk gurluşykdan soň 2018-nji ýylda myhmanlara gapysyny açýar. 75 gatdan ybarat, beýikligi
356 metre barabar bolan myhmanhanada 528 otag, restoranlar we aşagynda awtoulag goýulýan birnäçe howuzly desga bar. Myhmanhana mermer we altynsow reňkli gurluşyk önümleri bilen bezelipdir. Gewora myhmanhanasynyň birinji gatynda kabulhana bolup, myhman otaglary iň kiçi bir otag, uly bir otag, iki otag ýaly kategoriýalara bölünýär. Kabulhanada Geworanyň dünýäniň iň beýik myhmanhanasydygyny tassyklaýan Ginnesiň rekordlar nyşanyny görmek bolýar. Myhmanhananyň 12-nji gatynda asma ýoly arkaly birleşýän awtoulag duralgasynyň binasy bar. Myhmanhanada sowgatlyk dükanlar, güýmenje meýdançalary we «gyzgyn küýze» diýlip atlandyrylýan hammamlar bar. Myhmanhananyň ýokarky gatlarynda bulutlaryň arasynda dynç alyp, Dubaý şäheriniň gözelligini synlap bolýar.
Dünýädäki ilkinji we iň uly buz myhmanhanasy. Şwesiýanyň demirgazygyndaky Jukkasjärwi şäherçesinde ýerleşýän «Icehotel» gar we buzdan gurlan dünýädäki ilkinji hem-de iň uly myhmanhana hasaplanýar. 1990-njy ýylda ilkinji gezek myhmanlara gapysyny açan bu myhmanhana her ýyl Torne derýasyndan alnan 900 tonnadan gowrak buzdan we 30 tonna töweregi gardan täzeden gurulýar. Her ýyl dekabr-aprel aýlary aralygynda açyk bolýan myhmanhanada howa -5 derejede saklanýar. «Icehotel» myhmanhanasy 6 müň inedördül metr meýdany tutýar. 30 ýyldan gowrak wagt bäri myhmanlary garşy alýan bu myhmanhanada gardan we buzdan ýasalan sungat gurnamalary, eksponatlar ýylyň-ýylyna täzeçe görnüşde ýasalýar. Buz basgançaklary, buz lýustralary we buzdan döredilen kartinalary bilen syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan myhmanhana Şwesiýanyň hökman baryp görmeli täsinlikleriniň biri hasaplanýar.
Dünýäniň iň beýik piramida myhmanhanasy. 88 gatly Jin Mao diňiniň ýokarsynda ýerleşýän Grand Hýatt Şanhaý myhmanhanasy piramida şekilinde gurlan täsin myhmanhana hasaplanýar. Birinji gaty 329 metr belentlikde ýerleşýän bu myhmanhanada 548 otag bar. Myhmanhana 33 gatly tegelek atriumdan ybarat. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Grand Hýatt Şanhaý myhmanhanasynda 18 dürli otag stili bar. Otaglara barmak üçin spiral ýaly aýlanyp gidýän tegelek basgançaklardan ýöremeli bolýar. Basgançaklaryň aralygyndaky boşlugyň (däliz) diametri 27 metre, beýikligi 115 metre barabar. Huangpu derýasynyň boýunda gurlan piramida görnüşli bu myhmanhana Hytaýyň taryhy gymmatlyklaryny öwrenmäge hem mümkinçilik berýär.
Dünýädäki iň beýik açyk howuzly myhmanhana. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki «Address Beach Resort» myhmanhanasy çür başyndaky açyk howuz bilen görenleri haýran galdyrýar. Myhmanhananyň 77-nji gatynda – 294 metr belentlikde ýerleşýän uzynlygy 95 metre, ini 16,5 metre barabar howuz dünýä ölçeglerinde rekord goýýar. Täsin howuz Olimpiýa howzundan iki esse diýen ýaly uly. Owadan binaly myhmanhananyň depesindäki açyk howuzda ýüzüp ýörşüňe özüňi kenary palmalar bilen bezelen deňizde ýaly duýýarsyň. Howzuň kenarynda Güne ýanmak üçin oturgyçlar we restoran hem bar. Ýokardan seredeniňde ullakan gämä meňzeýän bu howuz Dubaýyň täsin ýerleriniň biri hasaplanýar.
PDF









