24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi barha giňeýär. Aşgabatda ak mermerli binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, köçeleriň depginli gurluşyklary hemmeleri haýrana goýýar. Ähli künjekde ýaşaýyş jaýlary gurlup, her ýylda maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny toýlaýarlar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň we işgärleriniň ýaşaýyş hem-de gulluk şertlerini gowulandyrmak barada döwletimiziň edýän aladasynyň netijesidir.
IIM-niň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bularda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.
Öýleriň giň otaglarynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryna laýyklykda, maşgala dabaralaryny, toý sadakalaryny geçirmek, myhman kabul etmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Kottej jaýlaryň gurluşygynda raýatlaryň ýaşaýyş we durmuş ýörelgeleri, häzirki döwrüň talaplary zerur şert hökmünde kabul edilýär. Olaryň gurluşygynda ýerli çig mallardan taýýarlanan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Meýdany 8 sotoga barabar bolan mellek ýerinde ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýa-da miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýörite meýdança döredilipdir.
Toplumyň jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyrylypdyr, köçeleriň ugrunda hem-de jaýlaryň golaýynda saýaly baglar oturdylypdyr. Munuň özi toplumyň çäginde degişli ekologik ýagdaýyň saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.