“Mançester Siti” topary dowam edýän gyşky transfer möwsüminde düzümine hüjümçiden soň goragçy goşdy. Şäherliler “Kristal Palas” toparynyň angliýaly goragçysy Mark Gehini 20 million funt sterlinge transfer etdi. 25 ýaşyndaky oýunçy täze kluby bilen 5,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol “Mançester Sitide” 15-nji belgili köýnekçäni geýer. Futbola “Çelside” başlan Gehi 2 möwsüm “Swansi Sitide” kärendesine oýnady. 2021-nji ýylyň tomsunda “Kristal Palasa” transfer bolan Gehi londonlylaryň düzüminde 188 oýunda 11 gol geçirdi. Asly kot-d’Iwuarly bolan Gehi Angliýanyň milli ýygyndysynda 26 duşuşyk geçirdi.
PDF









