UEFA Ýewropa Ligasynda çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary geçirilip, 4 duşuşygyň 3-si deňlikde tamamlandy.
Tapgyryň ýeňiş gazanan ýeke-täk topary Norwegiýanyň çempiony “Bude-Glimt” topary boldy. Olar öz meýdançasynda Italiýanyň “Lasio” kluby bilen duşuşyp, garşydaşyny 2-0 hasabynda ýeňdi. Norweglere ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de 47-nji we 69-njy minutlarda Saltens geçirdi. Bu ýeňişden soň “Lasionyň” işi azda-kände kynlaşyp, “Bude-Glimt” ýarym finala çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy.
“Lion” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky duşuşyk iňlis kluby üçin dramatiki ýagdaýda tamamlandy. Ýer eýeleri 26-njy minutda Almadanyň goly bilen öňe saýlandy. Bu gola mankunianlar 1-nji ýarymyň ahyrynda, 45+5-nji minutda tomusda transfer edilen fransuz goragçysy Leni Ýoronyň goly bilen jogap berdi. Duşuşygyň ahyrky minutlary has hereketli geçdi. Zirkzeeniň goly bilen öňe saýlanan “Mançester Ýunaýted” 90+5-nji minutda Çerkiniň goluny saklap bilmedi we ýeňşi elden giderdi.
“Tottenham” bilen “Aýntrahtyň” arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady. 6-njy minutda myhmanlar Ekitikeniň goly bilen öňe geçse-de, 20 minutdan soň ýer eýeleri Porronyň takyk urgusy esasynda hasaby deňledi.