“Mançester Ýunaýtediň” 67 million ýewrolyk täze goragçysy

192

“Mançester Ýunaýted” topary “Aýaksyň” argentinaly merkezi goragçysy Lisandro Martinesiň transfer edilendigini habar berdi. Erik ten Hag öňki şägirdini düzümine goşmak üçin “Aýaks” toparyna 57,3+10 million ýewro tölemeli bolar. 24 ýaşyndaky oýunçy mankunianlar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşar. 2019-njy ýylda Argentinanyň “Defensa y Ýustisia” klubunda transfer edilen merkezi goragçy amsterdamlylaryň düzüminde 3 möwsüm boýunça 120 gezek meýdança çykdy (6 gol). Lisandro Martines Argentinanyň düzüminde-de 7 oýun oýnady.

Martines Malasiýa we Eriksenden soň “Mançester Ýunaýtediň” şu möwsümdäki 3-nji transferidir.