Marokkoly ýaşuly welosipedli 15 müň km ýol geçdi

54

70 ýaşly marokkoly Karim Mosta welosipedli 15 müň km aralygy geçdi. Tejribeli syýahatçy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen, has dogrusy, Marokkanyň iň uly şäheri Kazablankadan Hytaýyň paýtagty Pekine çenli syýahat eder. Bu taslama Hytaýyň Marokkodaky ilçihanasy tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Syýahatyň ýoly Ispaniýa, Fransiýa, Italiýa, Sloweniýa, Horwatiýa, Serbiýa, Bolgariýa, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistandan geçer.
Karim Mosta: “Soňra men tutuş Hytaýy geçmek üçin 5000 km ýol geçerin we ahyrynda Pekine bararyn” diýdi.
Onuň sözlerine görä, ol Hytaý ýaly köp ýurda baryp gören meşhur arap syýahatçysy Ibn Battutanyň (1304-1369) yzyndan gitmek niýeti bar. Welosiped sürüjisi, köp sanly ajaýyp ýerlere we şäherlere baryp, takmynan, 4 aýyň içinde Hytaýyň üstünden geçmegi meýilleşdirýär. Mosta janköýerlerine geçen ýoly, başdangeçirmeleri barada jemgyýetçilik torundaky akkaundy arkaly habar berýär.

Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.