Halkara derejesindäki meşhur ýazyjy Elif Şafak häzirki zaman türk edebiýatynyň iň görnükli şahsyýetleriniň biridir. Ol geçen ýyl Iňlis edebiýatynyň patyşalyk jemgyýetiniň başlygy wezipesine saýlandy. 1971-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Fransiýanyň Strasburg şäherinde dünýä inen ýazyjynyň kakasy meşhur sosial psiholog we akademik Nuri Bilgin, ejesi bolsa diplomat Şafak Ataýmandyr. Ol orta bilimi Ankaradaky Atatürk Anadolu liseýinde alandan soň, şol şäherdäki Ýakyn Gündogar tehniki uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölümini tamamlaýar. Şol uniwersitetde gender deňligi boýunça magistr, syýasat ylymlary boýunça bolsa doktorlyk derejesini alan ýazyjy, ylym we bilim ulgamyndaky üstünlikleri bilen birlikde edebiýat äleminde hem uly üstünlikleri gazanýar.
“Pynhan” atly ilkinji romanyny 1997-nji ýylda okyjylara ýetiren Elif Şafak, 2000-nji ýylda çap edilen “Mährem” romany bilen giň okyjylar köpçüligine tanalýar. Ýazyjynyň 2009-njy ýylda neşir edilen “Yşk” atly romany türk edebiýatynyň taryhynda iň gysga wagtda iň köp satylan edebi eser hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Iňlis dilinde “The forty rules of love” ady bilen çap edilen bu eser “BBC” tarapyndan düzülen “Dünýäni özgerden 100 romanyň” sanawyna girizilýär. Häzirki wagtda onuň eserleri elliden gowrak dile terjime edilip, dünýäniň iň abraýly neşirýatlary tarapyndan okyjylara ýetirilýär. Şeýle hem ýazyjy “Ussam we men”, “On minut otuz sekiz sekunt” we “Ýitirilen agaçlar adasy” ýaly birnäçe meşhur romanlary hem-de pelsepewi kitaplary bilen halkara derejesinde abraýly baýraklara mynasyp bolýar.
Elif Şafak diňe bir ýazyjysy däl, eýsem, halkara derejesindäki jemgyýetçilik işgäri hökmünde hem tanalýar. Ol 2017-nji ýylda “Politico” žurnaly tarapyndan “Dünýäni özgerden 12 adamyň biri” hökmünde saýlanyp, 2021-nji ýylda bolsa “BBC”-niň dünýä boýunça ylham berýän 100 zenanyň sanawyna girizilýär. Türkiýäniň dürli metbugat edaralarynda, şol sanda “Habertürk” gazetinde işlän Şafak, ABŞ-da Miçigan we Arizona uniwersitetlerinde, Angliýada bolsa Oksford uniwersitetinde myhman mugallym bolup sapak berýär hem-de Oksforddaky Mukaddes Anna Kollejiniň hormatly agzasy bolýar. Edebiýat we sungat äleminde gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän ýazyjy, häzirki wagtda halkara derejesindäki medeniýet we sungat işlerine ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirýär.
PDF








