Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibler konfederasiýasynyň çempionaty bolan “KONKAKAF Altyn Kubok” (CONCACAF Cold Cup) ýaryşy tamamlandy. 18-nji gezek guralan ýaryş ABŞ-da geçirildi (1 duşuşyk Kanadada oýnaldy). 3 hepdeläp dowam eden ýaryşyň finalynda ABŞ-nyň ýygyndysyny ýeňen Meksikanyň ýygyndysy çempion bolmagy başardy.

Final duşuşygy Hýustondaky “NRG Stadium”-da geçirilip, duşuşyga 70 müň 925 janköýer tomaşa etdi. Gwatemalaly emin Mario Eskobaryň jürlewük çalan oýnunda 4-nji minutda amerikanlar Kris Riçardsyň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne meksikanlar meşhur hüjümçileri Raul Himenesiň goly bilen 27-nji minutda hasaby deňlemegi başardy. 2-nji ýarymda oýun deňeçerräk ýagdaýda geçse-de, 77-nji minutda ýer eýeleri meksikanlardan Edson Alwaresiň goluna çäre tapyp bilmedi. Duşuşyk 2-1 hasabynda Meksikanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şunlukda, Meksikanyň ýygyndysy bassyr 2-nji, umumylykda-da 10-njy gezek “KONKAKAF Altyn Kubok” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Meksikanyň ýygyndysy 1991-nji ýyldan bäri şu at bilen geçirilip gelinýän ýaryşda mundan öň 1993-nji, 1996-njy, 1998-nji, 2003-nji, 2009-njy, 2011-nji, 2015-nji, 2019-njy, hem-de 2023-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy.

Soňky gezek 2021-nji ýylda ýeňiji bolan argentinaly Maurisio Poçettinonyň tälimçiligindäki ABŞ-nyň ýygyndysy 7 çempionlykda galdy.

Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, meksikaly Edson Alwares saýlandy. 6 gezek tapawutlanan panamaly Ismael Diaz ýaryşyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Çempionatyň çäginde 31 duşuşykda 85 gol hasaba alyndy (ortaça 2,74 gol). Duşuşyklara umumylykda 779 müň 14 janköýer tomaşa etdi.

Iň ýaş çempion

Finalda Meksikanyň düzüminde esasy düzümde meýdança çykan 16 ýaşyndaky Žilberto Mora taryhy rekord goýdy. 2008-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda dünýä inen Žilberto Mora milli ýygyndylaryň arasynda geçirilýän halkara ýaryşlarda çempionlyk gazanan iň ýaş futbolçy bolmagy başardy. Ol bu ugurda ispaniýaly Lamin Ýamalyň rekordyny täzeledi.

Ýaryş KONKAKAF-yň çempionaty (1963-1989) diýlip atlandyrylan ýyllarynda Meksika 3, Kosta Rika 3, Gwatemala, Gaiti, Gonduras hem-de Kanada 1 gezek çempionlyga ýetdi. Ady “KONKAKAF Altyn Kubok” diýlip üýtgedileninden bäri bolsa Meksika 10, ABŞ 7, Kanada 1 gezek çempion bolmagy başardy.