Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri hü­när­le­riň kö­pü­sin­de er­kek adam­lar ag­dyk­lyk ed­ýär. Döw­rüň ös­me­gi we tä­ze hü­när­le­riň peý­da bol­ma­gy bi­len ze­nan­lar hem dür­li kär­ler­de zäh­met çe­kip baş­la­ýar­lar. Ze­nan­lar öý işleri, ter­bi­ýe­çi­lik, mu­gal­lym­çy­lyk hü­när­le­rin­den baş­ga-da, fi­zi­ki güý­ji we ir­gin­siz zäh­me­ti ta­lap ed­ýän iş­ler­de hem uly ab­raý ga­za­nyp­dyr­lar. Şeý­le hü­när­le­riň bi­ri hem bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk iş­le­ri bo­lup, meş­hur bi­na­la­ryň kö­pü­si­ni ze­nan bi­na­gär­ler gu­rup­dyr. Bel­läp geç­sek, La­fa­ýet­te myh­man­ha­na­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny iş­läp dü­zen ame­ri­ka­ly Lui­za Blan­şar Be­týuny dün­ýä­de il­kin­ji ze­nan bi­na­gär hök­mün­de ag­za­mak bo­lar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da ze­nan bi­na­gär­le­riň tas­la­ma­sy esa­syn­da gur­lan meş­hur des­ga­la­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

Ket­rin Bri­son, Şe­non­so ga­la­sy. Bu tä­sin yma­rat Fran­si­ýa­nyň Şer der­ýa­sy­nyň üs­tün­de gur­lup­dyr. Şe­non­sa ga­la­sy dün­ýä­niň iň köp su­ra­ta dü­şü­ril­ýän we in­ter­net ar­ka­ly paý­la­şyl­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bäş asyr­lyk ta­ry­hy bo­lan bi­na­ny Ket­rin Bri­son gur­du­ryp­dyr. 1513-nji ýyl­da onuň adam­sy To­mas Boh­ýer kö­ne mül­ki we onuň çä­gin­dä­ki de­gir­me­ni sa­tyn alyp­dyr. Bri­son ýol­da­şy­nyň alan mül­kün­de ki­çi­räk ga­la gur­du­ryp­dyr. Ol mül­kün­de iş­le­ýän adam­la­ra bi­na­ny nä­hi­li gur­jak­dyk­la­ry­ny dü­şün­di­rip, esa­sy za­lyň we goş­ma­ça bi­na­la­ryň nä­hi­li bol­ma­ly­dy­gy­ny dü­şün­di­rip­dir. Bu bi­na­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa, il­kin­ji ge­zek dog­ry bas­gan­ça­gyň ula­nyl­ma­gy­dyr. On­dan öň ýo­kar­ky gat­la­ra çyk­mak üçin peý­da­la­nyl­ýan bas­gan­çak­lar aý­law­ly bo­lup­dyr. Bri­son ga­la­nyň how­lu­syn­da­ky ga­py­da «Bu bi­na ta­mam­la­nan­da, hem­me­ler me­ni ýat­lar» di­ýen ýaz­gy­ny goý­du­ryp­dyr.
Plau­til­la Briç­çi, Wil­la Be­ne­det­ti. Hä­zir­ki wagt­da Ita­li­ýa­nyň paý­tag­tyn­da­ky bu bi­na­nyň di­ňe di­war­la­ry ga­lyp­dyr. Des­ga­ny 1663-nji ýyl­da Plau­til­la Briç­çi at­ly ze­nan gur­dur­ýar. As­lyn­da, Briç­çi su­rat­keş bo­lup­dyr. Ol ital­ýan ta­ry­hyn­da il­kin­ji ze­nan bi­na­gär ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem Briç­çi dün­ýä­de il­kin­ji pro­fes­sio­nal bi­na­gär ha­sap­lan­ýar. Briç­çi ka­ka­sy­nyň us­sa­ha­na­syn­da su­rat çek­ýän eken. Soň­ra bol­sa, di­wa­ry­na öz çe­ken su­rat­la­ry­ny ýer­leş­dir­mek üçin bi­na­lar gur­ma­ga gi­ri­şip­dir. Ba­rok ähe­ňin­de gur­lan Wil­la Be­ne­det­ti bi­na­sy aý­law­ly di­war­la­ry, hek­den edi­len na­gyş­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bi­na­nyň iç­ki di­war­la­ry­nyň kä­bi­ri­ni Briç­çiniň özi reňk­läp­dir. Üç gat­ly bi­na 1677-nji ýyl­da gur­lup gu­ta­ry­lan­da bi­na­gär hök­mün­de Briç­çi­niň er­kek do­ga­ny­nyň ady tu­tulýar. Se­bä­bi şol dö­wür­ler zenan bi­na­gä­riň jem­gy­ýet­de ka­bul edil­me­gi aň­sat däl­di.
Lui­za Blan­şar Be­týun, La­fa­ýet­te myh­man­ha­na­sy. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki bu döw­re­bap bi­na ge­çen asy­ryň 80-nji ýyl­la­ryn­da gur­lan ja­ýa meň­ze­ýär. Şeý­le-de bol­sa bu bi­na­nyň ta­ry­hy has ga­dy­my­dyr. Be­ýik bi­na­la­ryň il­kin­ji gur­lup baş­la­nan şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki myh­man­ha­na ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da gu­rul­ýar. Ony ame­ri­ka­ly ze­nan bi­na­gär Lui­za Blan­şar Be­týun gur­ýar. Blan­şaryň gu­ran bi­na­la­ry­nyň ara­syn­da iň meş­hu­ry Buf­fa­lo et­ra­byn­da­ky La­fa­ýet­te myh­man­ha­na­sy­dyr. 1902-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan 225 otag­ly bi­na fran­suz Re­ne­san­sy ähe­ňin­de gur­lup­dyr. Gy­zyl ker­piçli bi­na­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy her otag­da te­le­fo­nyň, ýy­ly we so­wuk suw­ly ham­ma­myň bol­ma­gy­dyr. Ýur­duň mil­li ta­ry­hy ýer­le­ri­niň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len La­fa­ýet­te myh­man­ha­na­sy hä­zir­ki wagt­da hem iş­le­ýär.
Ju­li­ýa Mor­gan, Herst ga­la­sy. ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da, Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky bu bi­na­nyň taslamasyny Ju­li­ýa Mor­gan ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir. Ta­ry­hy des­gada is­pan ko­lo­ni­al, go­tik, ne­ok­la­sik we Or­ta ýer deň­zi­niň bi­na­gär­lik äheň­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Ju­li­ýa Mor­gan bi­na­gär­lik hü­nä­ri­ni il­ki ABŞ-da, soň­ra Pa­rižde do­wam et­dir­ýär. 1898-nji ýyl­da adat­ça, 4-5 ýyl do­wam ed­ýän Içe sun­gat­lar aka­de­mi­ýa­sy­ny 3 ýyl­da ta­mam­la­ýar. ABŞ-nyň il­kin­ji yg­ty­ýar­na­ma­ly ze­nan bi­na­gä­ri hök­mün­de 1904-nji ýyl­da öz kom­pa­ni­ýa­sy­ny dö­red­ýär. 1919-njy ýyl­da bir ne­şi­re eýe­çi­lik ed­ýän Wil­li­am Ran­dolf Herst Mor­ga­ny Herts ga­la­sy­ny we onuň ýa­na­şyk ýer­le­rin­dä­ki goş­ma­ça bi­na­la­ry tas­la­ma­gy üçin işe al­ýar. Mor­gan Herts ga­la­sy­nyň gurluşygyny 28 ýyl­da ta­mam­la­ýar. Onuň äh­li ýe­ri­ni jik­me-jik ýag­daý­da özi tas­la­ýar. Mor­gan ga­la­nyň sun­gat kol­lek­si­ýa­sy­ny dö­ret­mek üçin is­land su­wo­tu­sy­ny, su­gun we is­pan­la­ryň ga­dy­my eser­le­ri­ni ýyg­na­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu ýe­riň myh­man­la­ry onuň how­lu­syn­da zeb­ra­la­ry gö­rüp bil­ýär­ler. Ga­la on­laýn usul­da ga­ýy­ba­na ge­ze­lenç edip bol­ýar.
Eli­za­bet Skott, Ro­ýal Şeks­pir te­at­ry. 1926-njy ýyl­da bel­li iň­lis dra­ma­tur­gy Şeks­pi­riň hor­ma­ty­na onuň dün­ýä inen ýe­ri Strat­ford-apon-Eý­won şä­he­rin­de teatryň gu­rul­ma­gy üçin bäs­le­şik yg­lan edil­ýär. Bäs­le­şi­ge 70-den gow­rak bi­na­gär öz taslamasyny hö­dür­läp, ola­ryň ara­syn­da ýekeje ze­nan bar eken. 1928-nji ýyl­da Eli­za­bet Skott bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si diý­lip yg­lan edil­ýär. Skot­tyň tas­la­ma­sy örän ýö­ne­keý bo­lup, «Art Deco» na­gyş­la­ry we skan­di­naw ähe­ňi göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Şeý­le hem teatryň bi­na­syn­da onuň gap­da­lyn­dan akyp geç­ýän Awon der­ýa­sy­nyň tol­kun­la­ry hem şöh­le­len­di­ri­lip­dir. Şol dö­wür onu­ň tas­la­ma­sy­ ýaz­garyl­sa-da, bi­na­gär des­ga­nyň mak­sa­dala­ýyk ula­nyl­ma­ly­dy­gy­nyň hem göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip­dir. Bi­na 1932-nji ýyl­da hyz­ma­ta hö­dür­le­nen­de, onuň açy­ly­şy­na müň­ler­çe adam gat­naş­ýar. Bi­nany res­mi web sa­hy­pa­sy arkaly ga­ýy­ba­na ge­ze­lenç edip bol­ýar.
Be­wer­li Lo­reýn Grin, Ýu­nes­ko bi­na­sy. Pa­riž şä­he­rin­dä­ki bu bi­na­nyň bi­na­gä­ri Be­wer­li Lo­rai­ne Grin bolup, ol 1915-nji ýyl­da Çi­ka­go­da dün­ýä inýär. Grin ABŞ-nyň il­kin­ji ga­ra­ýa­gyz ze­nan bi­na­gä­ri hök­mün­de 1942-nji ýyl­da yg­ty­ýar­na­ma al­ýar. Onuň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri şol döw­rüň bel­li bi­na­gä­ri Mar­sel Bre­ýe­riň ün­sü­ni çek­ýär. Ne­ti­je­de Bre­ýer Grin bi­len bi­le­lik­de Pa­riž­dä­ki «Y» şe­kil­li dün­ýä­niň iň meş­hur bi­na­sy­ny ÝU­NES­KO-nyň Pa­riž­dä­ki eda­ra bi­na­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ýar. «Üç burç­ly ýyl­dyz» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bi­na 1958-nji ýyl­da açyl­ýar. Tä­sin usul­dan peý­da­la­ny­lyp gur­lan bi­na tu­tuş­ly­gy­na 72 sa­ny be­ton ga­zy­gyň üs­tün­de ýer­leş­di­ri­lip­dir.