Möwsümi kuboksyz tamamlan Italýanyň “Milan” topary tomusdaky ilkinji transferini resmi ýagdaýda mälim etdi. Rossenerililer “Torino” toparyndan 23 ýaşyndaky ýarymgoragçy Samuele Riççini düzümine goşdy. “Milan” kluby italiýaly oýunçynyň transferi üçin turinlilere 23+1,5 million ýewro berer. Riççi “Milan” bilen 4+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Riççi “Empolide” futbola başlap, ol bu klubda 2,5 möwsüm çykyş etdi. “Torinoda” 3,5 möwsüm oýnan Riççi “Serie A”-da şu wagta çenli 137 duşuşykda 5 gol geçirdi. Riççiniň Italiýanyň milli ýygyndysy bilenem 10 duşuşygy bar.