2-5-nji mart ara­ly­gyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň Bar­se­lo­na şä­he­rin­de mo­bil en­jam­la­ra ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mo­bil dün­ýä mas­la­ha­ty (Mo­bi­le World Cong­ress-MWC26) at­ly çä­re­de eme­li aň we ro­bot teh­no­lo­gi­ýa­sy­na has köp üns be­ril­di. Çä­rä dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den ýüz­ler­çe kom­pa­ni­ýa gatnaşyp, öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di. Çä­rä 100 müň­den gow­rak myh­man ba­ryp gör­di. Her ýyl ge­çi­ril­ýän çä­rä­niň bu ýyl­ky­syn­da «me­tal ýa­ka­ly» diý­lip at­lan­dy­ry­lan, gün­de­lik iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ýän ro­bot­la­ra has köp orun be­ril­di. Şeý­le hem eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, üç ge­zek ep­len­ýän el te­le­fon nus­ga­la­ry, öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän tak­si­ler we Aý­da ýö­re­ýän ulag ýa­ly tä­sin tä­ze­lik­ler gör­ke­zil­di. 20-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän ser­gi­de uç­ýan ulag­la­ra hem myh­man­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy ýo­ka­ry bol­dy.
Ser­gi­de ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy­na hem orun ber­lip­dir. Mas­la­hat­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ri­len mag­lu­mat­da 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä­dä­ki mo­bil inf­rastruk­tu­ra­nyň 57 gö­te­ri­mi­niň 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­na geç­jek­di­gi mä­lim edil­di.

Merjen Hojiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.