Golaýda Mekgäniň emiriniň orunbasary Saud ben Mişaal ben Abdel Aziziň gatnaşmagynda şäheriň Hyra medeni zolagynda Mukaddes Gurhan muzeýiniň açylyşy boldy. Muzeýiň taslamasy we işe girizilmegi Saud Arabystanynyň Mekge we mukaddes ýerler baradaky Patyşalyk komissiýasynyň ýardam bermegi bilen toplumlaýyn ulgamyň çäklerinde amala aşyryldy. Düzüminde bilim we häzirki zaman tehnologiýalaryny jemleýän muzeýde Gurhanyň taryhy nusgalarynyň ýygyndysy saklanýar. Muzeýiň eksponatlary bu ýere gelýänlere dürli döwürlerde mukaddes kitaby ýygnamak we olary abatlamak işleri barada giňişleýin düşünje berýär. Musulmanlar üçin esasy ýol görkeziji hökmünde Gurhanyň gymmatyny düşündirmek we häzirki zaman görkeziş usullary arkaly zyýaratçylaryň tejribesini baýlaşdyrmak bu muzeýiň açylmagynyň esasy maksady bolup durýar. Hyra medeni zolagy Muhammet pygambere wahyý inen ýer bolan Hyra gowagynyň golaýynda ýerleşýär we dürli bölümleri, şol sanda, “Fatiha” sergisini öz içine alýar. Bu ýerde zyýaratçylar Allanyň pygamberine “Fatiha” süresiniň inişiniň taryhy bilen tanyş bolýarlar.