Dünýäde myhmansöýerligiň we işewürligiň nyşany hökmünde bir çaşka kofe hödür edilýär. Adamlar kofeniň başynda hal-ahwal soraşyp, iş, geljekki meýilnamalar barada pikir alyşýarlar. Dünýäde kofeniň arabika, robusta, liberika ýaly 120-den gowrak görnüşi bar. Dünýäde iň köp içilýän içgileriň biri bolan kofeniň taýýarlanyş usulyna görä, espresso, amerikano, latte, kapuçino, moki, türk kofesi we süzülen kofe ýaly görnüşleri bar. Adatça, köp ýerde kofeniň ýany bilen bir bulgur suw hem getirilýär. Kofeniň ýanynda suw getirilmegi däp-dessur bilen bagly ýaly görünse-de, aslynda bu beýle däl. Kofeden soň içilýän bir bulgur suwuň ajy içginiň tagamyny almakda we saglyk babatda örän möhüm täsiri bar.
Bokurdagy arassalaýar. Kofeden soň suwuň içilmegi bu içginiň güýçli ajylygyny aýyrýar we onuň hoşboý ysyndan lezzet almaga mümkinçilik berýär.
Oksalaty bedenden çykarýar. Kofede köp mukdarda saklanýan oksalat (duz we efir düzümli kislota) böwrekde daşlaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Kofeden soň suw içmek bu maddany bedenden çykarmaga ýardam edýär.
Bedeniň suwuklyk deňagramlylygyny sazlaýar. Kofeniň köp görnüşinde kofein saklanýar. Kofein sarp edilende beden suwuklyk ýitgisine sezewar bolup bilýär. Kofeden soň derrew suw içmek bedeniň suwuklyk deňagramlylygyny dikeltmäge kömek edýär.
Iýmit siňdirişi gowulandyrmaga ýardam edýär. Kofe käbir adamda aşgazan gyjynmasyna sebäp bolup biler. Kofeden soň suw içmek aşgazany rahatlandyrmaga we iýmit siňdirişi gowulandyrmaga ýardam edýär.
Ýürek saglygyny goraýar. Ajy kofe (kofeinli) gan basyşyny ýokarlandyryp, ýüregiň çalt urmagyna sebäp bolup bilýär. Suw içmek kofeiniň ýürege ýetirýän täsirini azaltmaga goldaw berýär.
Dişi goraýar. Kofeniň yzygiderli içilmegi dişiň syrçasyny saraldyp bilýär. Kofeden soň suw içmek garamtyl-goňur içginiň dişe ýapyşmazlygynyň öňüni alýar we agyz boşlugyny arassalamaga kömek edýär.
Köpleriň kofeden soň suw içmegi dogry hasaplaýandygyna garamazdan, bu barada ylmy maglumatlar ýok. Suwy kofeden öň, kofe içilýän wagtynda ýa-da soň içip bolýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, aç wagtyň kofe içmek maslahat berilmeýär. Kofeni irden ukudan oýananyňdan 60-90 minutdan soň, günortanlyk naharyndan 1-2 sagatdan soň, ýatmazdan 5-6 sagat öň içmek maslahat berilýär. Kofeniň gündelik mukdary adamyň saglyk ýagdaýyna baglylykda 3-4 çaşkadan geçmeli däl diýlip bellenilýär. Lukmanlar çagalara we göwreli aýallara kofeinsiz kofe içmegi maslahat berýärler.
PDF









