Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Napoli” öz meýdançasynda “Udineze” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnap, bassyr 2-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilmedi. Duşuşykda ýer eýelerinden MakTomineýiň 37-nji minutdaky golunda myhmanlar 3 minutdan soň Ekkelenkampyň goly bilen jogap berdi. “Atalanta” myhmançylykda “Weronanyň” derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirdi. Gollaryň 4-sini öz adyna ýazdyran Mateo Retegi çempionatda şu möwsümde 2-nji het-trik etdi. Ol “Serie A”-da soňky 7 ýylda Çiro Immobileden (2018) soň bir oýunda 4 gezek tapawutlanan ilkinji italiýaly futbolçy boldy. “Ýuwentus” myhmançylykda “Komo” bilen duşuşyp, täze transferi Kolo Muaniniň 34-nji hem-89-njy minutlardaky gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Kolo Muani turinlileriň düzüminde 3 oýunda 5 gol geçirdi.
Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda “Milan” myhmançylykda “Empolini” her topardan 1 oýunçynyň gyzyl kart alan duşuşygynda Rafael Leao hem-de täze transfer Santiago Himenesiň gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. “Lasionyň” “Monzany” 5-1 ýeňen oýnunda Roma Dibalanyň penaltiden geçiren ýeke-täk goly bilen “Wenesiýany” myhmançylykda ýeňdi.
Çempion “Inter” şu gije “Fiorentinany” kabul eder.
24-nji tapgyryň netijeleri:
Komo – Ýuwentus: 1-2 (Diao 45+1 – Kolo Muani 34, 89 p),
Werona – Atalanta: 0-5 (Retegi 21, 25, 44, 56, Ederson 56),
Empoli – Milan: 0-2 (Leao 68, Himenes 76),
Torino – Jenoa: 1-1 (Torsbýu 45+2 ö.d. – Pinamonti 68),
Wenesiýa – Roma: 0-1 (Dibala 57 p),
Kaliari – Parma: 2-1 (Wolýaçço 57 ö.d., Koman 70 – Leoni 79),
Lasio – Monza: 5-1 (Maruşiç 31, Pedro 57, 77, Kastelýanos 63, Dele-Başiru 88 – Sensi 86 p),
Leççe – Bolonýa: 0-0
Napoli – Udineze: 1-1 (MakTomineý 37 – Ekkelenkamp 40),
Inter – Fiorentina (şu gije)