Wengriýa Serbiýanyň “Družba” nebit geçirijisi arkaly Russiýadan gelýän çig mallary alyp bilýän nebit geçirijisiniň gurluşygyna, takmynan, 320 million ýewro maýa goýar. Bu barada Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Piter Siýarto Belgradda Serbiýanyň Energetika we magdan ministri Dubrawka Jedowiç-Handanowiç bilen geçirilen duşuşykdan soň aýtdy.
Piter Siýarto Wengriýanyň bu taslama maýa goýumlarynyň üç ýylda, takmynan, 320 million ýewro boljakdygyny aýtdy. – Häzirki wagtda täze nebit turbageçirijisiniň ulanylmagyny kepillendirýän şertnamany baglaşmak barada gepleşik geçirýäris – diýip ol belledi.
Daşary işler ministriniň sözlerine görä, bu turbageçirijiniň kuwwaty ýylda 5 million tonna deň bolar. Wengriýada 180 kilometr we Serbiýada 120 kilometr turbalaryň goýulmagyny, şeýle hem iki ýurduň serhedinde gözegçilik-barlag bekediniň gurulmagyny göz öňünde tutýan taslama üçin tehniki-ykdysady esaslandyryş işleri geçirildi.
Turbageçiriji Wengriýanyň MOL kompaniýasyna degişli Sazhalombatdaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyny, ýurduň günortasyndaky Algyo şäherini, soňra bolsa Serbiýanyň Nowi-Sad şäheri bilen birleşdirer. Bu Wengriýany diňe bir sarp ediji däl, eýsem nebit söwdasy üçin üstaşyr bir ýurda öwürer we Serbiýa üçin täze üpjünçilik çeşmelerini açar.
Budapeştden 30 kilometr günortada ýerleşýän Sazhalombat zawody Wengriýanyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawodydyr we “Družba” turbageçirijisiniň günorta şahasy arkaly üpjün edilýän rus çig mallaryny ulanýar.