Ýabany tebigatyň çäginiň azalmagy bilen janly-jandarlaryň we ösümlikleriň köpüsi ýitip ýok bolup gitdi. Käbir jandarlardan bolsa az sanlysy bar. Şeýle bolansoň, bu jandarlaryň sanyny köpeltmek we ýaşaýyş meýdanyny giňeltmek üçin dürli işler amala aşyrylýar. Ýabany tebigatda az sanlysy duşýan jandarlaryň biri hem menekli sugundyr (lat. “Axis axis”). Polşanyň Poznan şäherindäki haýwanat bagynda menekli sugunyň owlagy boldy. Tebigaty öwrenijiler bu täzeligiň Ýeriň geljegi üçin ähmiýetlidigini belleýärler. Ýaýradylan suratlarda owlagyň aýaklanyp başlandygyny we enesiniň yzyndan galmaýandygyny görmek bolýar. Maglumat berlişine görä, bu owlak soňky ýyllarda dünýä inen bäşinji owlakdyr.
Hindistan ýarym adasynda, Nepalda we Şri Lankada gabat gelýän bu jandar adamyň aglaýan sesine meňzeş ses çykarmagy bilen tapawutlanýar. Sugunyň erkeginiň şahy 1 metre çenli ýetýär. Häzirki wagtda bu jandaryň sanynyň artdyrylmagy üçin dürli işler alnyp barylýar.