Neýmar Dünýä Kubogyna gatnaşar, Ançelotti final sanawy mälim etdi

5

Dünýä Kubogy diýlende, ilkinji bolup ýada düşýän ýygyndylaryň birinji hasaplanýan Braziliýanyň düzümi mälim edildi. Toparyň italiýaly tälimçisi Karlo Ançelotti 26 oýunçyny yglan etmek üçin geçiren ýörite ýygnanyşygyna Neýmaryň hem alynmagyny isleýän müňlerçe janköýerler hem gatnaşdy.

Ançelotti brazil futbolynyň soňky ýyllardaky super ýyldyzy bolan Neýmar Juniory sanawa alyp, millionlarça janköýerleriň islegini amala aşyrdy. Ançelotti Neýmaryň adyny aýdanda, şol ýere ýygnanan müňlerçe janköýer şatlykly begenjini gizläp durmady. Uly el çarpyşmalar bilen uly şowhun görkezdiler.

Ussat tälimçi Dünýä Kubogynda çykyş etmek üçin dekabrda “Porto” toparynyň düzümine goşulan we üstünlikli hem oýnan 41 ýaşyndaky Tiago Silwany final sanawyna almady. Şeýle-de, Žoao Pedro, Gabriel Žesus, Rişarlison, Antoni ýaly hüjümçileri-de sanawyň daşynda galdyrdy. Başga-da, Augusto Karlos, Andreý Santos, Ederson ýaly klublarynda şowly çykyş eden futbolçylar hem sanawa alynmady.

Braziliýanyň ýygyndysy “C” toparçada Gaitiniň, Şotlandiýanyň hem-de Marokkonyň ýygyndylary bilen duşuşar.

 

DERWEZEÇILER

Alisson Beker (Liwerpul)

Ederson Moraes (Fenerbahçe)

Wewerton (Gremio)

GORAGÇYLAR

Markinios (Pari Sen-Žermen)

Danilo Luiz (Flamengo)

Aleks Sandro (Flamengo)

Gabriel Magalhaes (Arsenal)

Bremer (Ýuwentus)

Wesli (Roma)

Duglas Santos (Zenit)

Rojer Ibanýes (Al-Ahli)

Leo Pereira (Flamengo)


ÝARYMGORAGÇYLAR

Kazemiro (Mançester Ýunaýted)

Lukas Paketa (Flamengo)

Bruno Gimaraýns (Nýukasl)

Fabinio (Al-Ittihad)

Danilo Santos (Botafogo)

HÜJÜMÇILER

Neýmar Junior (Santos)

Winisius Junior (Real Madrid)

Rafinýa (Barselona)

Gabriel Martinelli (Arsenal)

Mateus Kunýa (Mançester Ýunaýted)

Endrik (Lion)

Luiz Henrike (Zenit)

Igor Tiago (Brentford)

Raýan (Bornmut)