Şu ýylyň birinji aýynda Norwegiýanyň nebit önümçiligi ozalky aý bilen deňeşdirende, 2 million barrel, tebigy gaz önümçiligi 3,5 million kubmetr azaldy. Norwegiýanyň Nebit edarasy (NPD) nebit önümçiliginiň çaklamalardan pes bolandygyny mälim etdi. Ýewropanyň esasy nebit-gaz üpjünçisi bolan ýurtda geçen ýylyň soňky aýynda her günde ortaça 1,77 million barrel nebit çykarlypdyr. Bu görkeziji ýanwarda 1,75 million barrel bolupdyr. Tebigy gaz önümçiligi ýylyň birinji aýynda günde ortaça 356,8 million kub metr bolupdyr. Bu görkeziji geçen dekabrda 360,3 million kub metr bolan eken. Tebigy gaz önümçiliginiň 343,4 million kub metr bolmagyna garaşylýardy.
Magsat Kurbandurdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









