Mäh­ri­ban ça­ga­lar, to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çi­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Tä­ze dost­lar tu­tu­nan­sy­ňyz, oba ge­ze­len­je gi­den­si­ňiz, öý iş­le­ri­ne kö­mek­le­şen­si­ňiz, sport bi­len meş­gul­la­nan­sy­ňyz, gy­zyk­ly ki­tap­lary okan­sy­ňyz, goş­gulary hem ýat tu­tan­sy­ňyz. Ine, ýe­ne-de tä­ze okuw möw­sü­mi başlanýar. Mek­dep ba­zar­la­ryn­dan okuw ly­bas­la­ry­ny hem-de es­bap­la­ry­ny sa­tyn alyp, tä­ze okuw ýy­ly­na gi­riş­mek we sa­pak­lar­dan go­wy ba­ha­lar al­mak üçin sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan bol­sa­ňyz ge­rek. Eý­sem, siz mek­dep­de her gün ulan­ýan okuw es­bap­la­ry­ňy­zyň ta­ry­hy we oý­la­nyp ta­py­ly­şy ba­ra­da bil­ýä­rsiňiz­mi?!

Ga­lam. Agaç gat­lak­ly ga­lam­la­ryň dö­rä­ni­ne 200 ýyl­dan gow­rak wagt geç­di. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, tak­my­nan 1560-njy ýyl­da ital­ýan neç­jar­la­ry­ (agaç us­sa­sy) Si­mo­nio bi­len Lin­dia­na Ber­na­kot­ti­niň ga­la­myň il­kin­ji nus­ga­sy­ny oý­lap ta­pan­dyk­la­ry çak­la­nyl­ýar. Olar ar­ça aga­jy­nyň içi boş ta­ýa­jy­gy­nyň içi­ne ga­ra reňk be­ri­ji­ni ýer­leş­di­rip, il­kin­ji ga­la­my ýa­sa­ýar­lar. Az sa­lym­dan has amat­ly usul – deň ikä ke­si­len aga­jyň mer­ke­zi­ni dik­li­gi­ne oýup, gra­fit ta­ýa­gy­ny ýer­leş­di­rip, ýa­rym bö­lek­ler ýel­me­mek ar­ka­ly ga­la­myň tä­ze nus­ga­sy oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Bu usul şu gü­ne çen­li hem ula­nyl­ýar. Gra­fit (ug­le­rod dü­züm­li ga­ra mi­ne­ral) ta­ýa­jy­gy il­kin­ji ge­zek 1654-nji ýyl­da Ang­li­ýa­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar. El­de berk sak­lan­ma­gy üçin il­ki-il­ki­ler ýa­zuw es­ba­by­nyň da­şy­na go­ýun de­ri­si ör­tü­lip­dir. 1662-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Nýurn­berg şä­he­rin­de gra­fit kül­ke­sin­den gra­fit ta­ýa­jy­gy­nyň gaý­ta­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan usu­ly­nyň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len, ga­la­myň önüm­çi­li­gi ösüp baş­la­ýar. 1775-nji ýyl­da fran­si­ýa­ly Ni­kol­ýa Žak Kon­te ga­la­myň in­çe­jik ta­ýak, ýag­ny pal­çy­gyň we gra­fi­tiň ga­ryn­dy­sy­nyň iki ta­ýa­jy­gyň ara­syn­da ýer­leş­di­ri­len gör­nü­şi­ni ýa­sa­ýar. Ol 1795-nji ýyl­da ga­lam ön­dür­mä­ge pa­tent alyp, Pa­riž­de «Kon­te» kär­ha­na­sy­nyň düý­bü­ni tut­ýar. 1858-nji ýyl­da Hy­men Lip­man poz­gu­jy ga­la­myň uju­na da­kyp, tä­ze gör­nü­şi oý­lap tap­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ga­lam­la­ryň gra­fit, ga­ty gra­fit, su­wuk gra­fit, kö­mür­li, ug­le­rod­ly, reňk­li, ýag­ly we ak­wa­rel ýa­ly bir­nä­çe gör­nü­şi bar. Ga­lam ön­dür­mek üçin amat­ly agaç gy­zyl kedr bo­lup, ýa­kym­ly ysy we ýa­ryl­ma­ýan­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Her ýyl dün­ýä­de 14-15 mil­liard­dan gow­rak ga­lam ön­dü­ril­ýär.

Ruç­ka. Iň köp ula­nyl­ýan ýa­zuw es­ba­by bo­lan ruç­ka­nyň il­kin­ji nus­ga­sy içi sy­ýa­ly ýe­lek ha­sap­lan­ýar. Bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 700-nji ýyl­dan, tak­my­nan, 1700-nji ýyl­la­ra çen­li hat ýaz­mak üçin içi sy­ýa­ly ýe­lek­ler ula­ny­lyp­dyr. Se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň ös­me­gi bi­len, 1828-nji ýyl­da me­tal uç­ly sy­ýa­ly ga­lam oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Uzak wagt­lap ula­nyp bol­ýan ýa­zuw es­ba­by­ny edil ýe­lek ýa­ly sy­ýa ba­ty­ryp ula­nyp­dyr­lar. 1827-nji ýyl­da için­de sy­ýa­ bo­lan ga­lam oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Ha­çan­da ga­la­my ka­gy­za ba­syp deg­re­niň­de için­den sy­ýa akyp baş­la­ýar. Bu şow­suz açyş­dan soň 1884-nji ýyl­da ýum­şak ba­syş­ly, hä­zir­ki­le­re meň­zeş, üç ýe­rin­den sy­ýa ak­ýan ruç­ka oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Egin-eşi­gi­ňi ha­pa­la­ýan bu ruç­ka kä­mil­leş­di­ri­lip, 1888-nji ýyl­da tä­ze çöz­güt oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Şol ýyl ruç­ka­nyň uju­na sy­ýa­ny deň paý­la­ýan me­tal şa­rik otur­dyl­ýar. Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki­le­re meň­zeş ýa­zuw es­ba­by dö­re­dil­ýär. 1949-njy ýyl­da fran­suz ön­dü­ri­ji­si Mar­sel Biç äh­li ki­şä el­ýe­ter­li bo­lan il­kin­ji ruç­ka­ny ýa­sa­ýar we oňa BIK di­ýip at ber­ýär. Ada­ty BIK ruç­ka­sy bi­len, tak­my­nan, 2 ki­lo­metr uzyn­lyk­da çy­zyk çy­zyp ýa-da 45 müň tö­we­re­gi söz ýa­zyp bol­ýar.

Poz­guç. Adam­lar ir­ki ýyl­lar­da ga­la­myň yzy­ny aýyr­mak üçin çö­rek owun­ty­gy­ny ýa-da aga­jyň ga­by­gy ýa­ly dür­li zat­la­ry ula­nyp­dyr­lar. Il­kin­ji re­zin poz­guç 1770-nji ýyl­da iň­lis in­že­ne­ri Ed­ward Nern ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Ol kau­çuk­dan re­zin ýa­sap, ka­gy­za sürt­mek ar­ka­ly ga­la­myň yzy­ny öçü­rip bol­ýan­dy­gy­ny öňe sür­ýär. 1839-njy ýyl­da poz­gu­jyň pyt­ra­ma­ýan we çüý­re­me­ýän tä­ze gör­nü­şi oý­la­nyp ta­pyl­ýar. 1858-nji ýyl­da re­zin poz­guç­lar ga­la­myň uju­na otur­dy­lyp baş­lan­ýar. Hä­zi­r­ki wagt­da poz­gu­jyň di­ňe ga­la­my däl, sy­ýa­ny hem öçür­ýän, ýag­ly reňk­ler bi­len çe­ki­len kar­ti­na­ny poz­ýan, wa­nil poz­guç, elekt­rik poz­guç we aý­na sü­ýüm­li poz­guç ýa­ly dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär.

Ka­gyz we dep­der. Bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 3000-nji ýyl­lar­da Ga­dy­my Mü­sür­de pa­pi­ru­syň ýü­zü­ne hat ýa­zyp­dyr­lar. Ka­gy­zyň il­kin­ji nus­ga­la­ry Hy­taý­da Han di­nas­ti­ýa­sy döw­rün­de 105-nji ýyl­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Hy­taý ka­gy­zy tut aga­jy­nyň ga­by­gyn­dan we ke­nep­den ýa­sa­lyp­dyr. Ka­gy­zyň bam­buk aga­jy bi­len ber­ki­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de dep­de­re meň­zeş ýa­zuw es­ba­by ýü­ze çyk­ýar. 1690-njy ýyl­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da il­kin­ji ka­gyz fab­ri­gi gu­rul­ýar. Hä­zir­ki­le­re meň­zeş il­kin­ji dep­de­riň 1860-njy ýyl­lar­da Fran­si­ýa­da we Ger­ma­ni­ýa­da peý­da bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dep­de­riň ti­ki­len, pru­žin­li, ga­ty daş­ly, okuw sa­pak­la­ry­na ýa-da bel­lik et­mek üçin ni­ýet­le­nen, bir­sy­dyr­gyn, ma­te­ma­ti­ka we ýa­zuw çy­zyk­ly dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär.